ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Bewropa Bileleşiginiň öňünde Russiýa garşy girizilmeli sanksiýalar üçin ýerine ýetirilmegi mümkin bolmadyk şert goýdy diýip, “The New York Times” ýazýar.
Tramp biraz öň Russiýa garşy has berk sanksiýalaryň girizilmegini goldamaga taýýardygyny, ýöne muny diňe bir şert bilen, NATO ýurtlarynyň hemmesi şuňa meňzeş çäreleri gören we rus nebitini satyn almakdan doly ýüz öwren ýagdaýynda etjekdigini aýtdy.
Mundan başga, ABŞ-nyň prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň hytaý harytlaryna 50-100% möçberinde utgaşdyrylan paç girizmegine çagyrdy.
“The New York Times” amerikan lideriniň bu talaplaryny ýerine ýetirmegiň mümkin däldigini, sebäbi Wengriýa we Türkiýe ýaly, Trampyň “ ençeme gezek öwen” ýurtlarynyň rus nebitiniň iň iri alyjylarynyň arasynda galýandygyny belleýär.
Şol bir wagtda, ÝB-niň beýleki agza ýurtlaryň köpüsi rus ýangyjyny satyn almagy düýpli azaltdy, emma gaza garaşlylyk saklanyp galýar.