Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýekşenbe güni Dohada Kataryň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Mariam bint Ali bin Naser Al-Misnad bilen duşuşdy diýip, “Biznes Türkmenistan” Kataryň resmi habar gullugyna salgylanyp habar berýär.
Bu duşuşyk nobatdan daşary Arap-Yslam sammitiniň öňüsyrasynda, daşary işler ministrleriniň taýýarlyk maslahatynyň çäklerinde geçirildi.
Taraplar Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alyşdylar.