14-nji sentýabrda Rumyniýanyň Goranmak ministrligi Russiýanyň goňşy Ukraina garşy amala aşyran hüjüminiň dowamynda bir rus dronunyň ýurduň howa giňişligine girip, NATO agzasynyň asmanynda 50 minutlap saklanandan soň, yzyna Ukraina tarap gidendigini mälim etdi.
Ministrligiň beýanatyna görä, iki sany rumyn F-16 söweş uçary dronuň hereketini yzarlamak üçin howa galdyrylypdyr.
F-16 uçarlarynyň pilotlaryna drona ot açmaga ygtyýar berlilse-de, olar “golaýdaky zyýanly täsirleriň ähtimallygy sebäpli, ot açmazlyk kararyna gelipdir”.
Bu waka Russiýanyň NATO döwletleriniň howa giňişligine girmegi bilen bagly dartgynlyklary has-da ýitileşdirdi. 10-njy sentýabrda Polşa öz territoriýasyna girendigini aýdýan 20-den gowrak rus dronunyň ençemesini urup ýykypdy. Bu waka 2022-nji ýylyň fewralynda Russiýanyň goňşy Ukraina garşy doly gerimli urşy başladaly bäri, NATO güýçleriniň ilkinji gezek ot açmagy boldy, şeýle-de Moskwa bilen Günbatar harby ýaranlygyň arasynda öňden bäri dowam edýän dartgynly gatnaşyklaryň hasam ýitileşmegine getirdi.
Rumyniýanyň Goranmak ministrligi Russiýanyň hereketlerini “ýowuz ýazgaryp”, olaryň Gara deňiz regionyndaky sebitleýin howpsuzlyga we durnuklylyga “täze howp” döredýändigini aýtdy.
“Bu ýaly wakalar Russiýanyň halkara hukugynyň kadalaryny äsgermeýändigini görkezýär we diňe bir rumyn raýatlarynyň howpsuzlygyny däl, eýsem NATO-nyň bilelikdäki howpsuzlygyna hem wehim abandyrýar” diýip, beýanatda bellenilýär.
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen hem dronuň Rumyniýanyň howa giňişligine girmegini “ÝB-nyň özygtyýarlylygynyň aç-açan bozulmagy we sebitleýin howpsuzlyga çynlakaý howp” diýip atlandyrdy. Ol ÝB-nyň Rumyniýa we beýleki agza ýurtlar bilen “ÝB-nyň territoriýasyny goramak üçin” tagalla edýändigini aýtdy.
Ministrligiň maglumatyna görä, Rumyniýada ýerleşdirilen nemes harby güýçleri bu wakadan soň sebitde birnäçe sagatlap gözegçilik etmek üçin iki sany Eurofighter Typhoon söweş uçaryny iberipdir.
Goranmak ministri Ionut Mosteanu 13-nji sentýabrda Azatlyga beren maglumatyna görä, dron Rumyniýanyň howa giňişligini terk edipdir we ýurduň çäginde gaçmandyr.
Ministrlik dronuň Rumyniýanyň howa giňişligine Russiýanyň Ukrainanyň Dunaý boýundaky infrastrukturasyna edýän howa hüjümlerinden soň girendigini mälim etdi. Dron ilatly ýerleriň üstünden geçmändir we göni howp döretmändigi aýdylýar.