Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmenistanyň migrasiýa edaralarynyň biriniňöňünde nobata duran raýatlar (Arhiw suraty)
Türkmenistanyň migrasiýa edaralarynyň biriniňöňünde nobata duran raýatlar (Arhiw suraty)

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki edarasynda biometriki pasport almak isleýän adamlaryň ýene uly nobatlary emele geldi. Häzirki wagtda raýatlara 2026-njy ýylyň maý aýyna nobat berilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.

“Her gün 500-den gowrak adam nobata ýazylýar. Şu ýyl boýunça nobatlar bireýýäm dolup, raýatlara öňümizdäki maý aýyna nobat berilýär. Onlaýyn nobata ýazylmak ulgamy işlemeýär” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçymyz nobatlara soňky aýlarda býujet işgärleriniň arasynda işini meýletin terk edip, daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gitmek isleýänleriň sanynyň göz-görtele artmagynyň sebäp bolýandygyny aýdýar.

“Nobata duranlaryň tas ählisi daşary ýurtlara gidip, durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak isleýändigini, aýlyklaryň ýetmeýändigini aýdýar” diýip, nobata ýazylan balkanabatly býujet işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

"Günde 12 sagat işleýäris, ýöne nobatlar azalmaýar"

Bu maglumaty sebitiň migrasiýa edarasyndaky ynamdar çeşmämiz hem tassyklaýar. Ol biometriki pasport almaga gelýän býujet işgärleriniň arasynda lukmanlaryň, mugallymlaryň we harbylaryň juda köpdügini hem belleýär.

“Biz her gün 12 sagada çenli işleýäris, ýöne nobatlar azalmaýar. Ýüzlenmelere seredip ýetişip bilemizok. Sebäbi biometriki pasporta bolan talap, isleg aşa köp. Her gün 50 adama pasport berilýär. Bu pasport bermek boýunça gündelik normadan tas 50% köp” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Şol bir wagtda, ýaşaýjylaryň ençemesi ýurtdan gitmek isleýänleriň köpelmegi bilen, nobatlaryň häkimiýetler tarapyndan emeli döredilýän bolmagynyň ähtimaldygyny hem aýdýar.

“Resmiler raýatlaryň daşary döwletlere akymyny azaltmak üçin, olaryň ýüzlenmelerine, arzalaryna öz wagtynda seretmän, giç kabul edýän bolmagy gaty mümkin” diýip, türkmenbaşyly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Zähmet migrasiýasy we çäklendirmeler

Ýerli häkimiýetler, şol sanda migrasiýa resmileri nobatlar we olara nämäniň sebäp bolýandygy barada ilat köpçüligine aç-açan düşündiriş bermeýärler. Bu barada Azatlygyň Balkanabadyň migrasiýa edarasyndan telefon arkaly teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda raýatlaryň daşary döwletlere gitmegi we ýurda dolanyp gelmegi üçin zerur bolan biometriki pasportlary almakdaky kynçylyklary 2021-nji ýylyň başyndan bäri dowam edýär.

Bu waka, türkmen häkimiýetleriniň koronawirus pandemiýasy sebäpli girizen hereket çäklendirmelerini ýatyrmagynyň yz ýanynda, gazanç gözleginde daşary ýurtlara gitmek isleýän türkmenistanlylaryň göz-görtele köpelip başlamagy bilen utgaşypdy.

Şu ýylyň başynda Balkanyň migrasiýa edaralary raýatlaryň biometriki pasport almak üçin resminamalaryny garaşylmadyk ýagdaýda nobatsyz we dessine kabul edip başlady. Beýle ýagdaý soňky dört ýylyň dowamynda ilkinji gezek bolupdy. Ýöne bu ýagdaý uzaga çekmedi we häkimiýetler birnäçe aýlyk arakesmeden soň žeton almak düzgünini aprel aýynda gaýtadan ýola goýdy.

Nemes dilini öwredýän mekdeplere bolan talap

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalar, şol sanda Human Rights Watch guramasy pasport almakdaky böwetleriň adamyň raýat we adam hukugyny depeleýändigine we Türkmenistanyň öz boýnuna alan halkara borçnamalaryny bozýandygyna ençeme gezek ünsi çekip, türkmen hökümetini tankytladylar.

Bu aralykda, habarçymyz raýatlaryň arasynda şäheriň nemes dilini öwredýän mekdeplerine bolan talabyň ep-esli ýokarlanandygyny aýdýar. Ol munuň biometriki pasport almaga synanyşýan balkanly lukmanlaryň we mugallymlaryň arasynda Germaniýa gitmek isleýänleriň köpdügi bilen düşündirýär.

“Lukmanlaryň ençemesi Germaniýada şepagat uýasy bolup işlesek-de, Türkmenistandakydan 10 esse köp aýlyk alarys we çagalarymyzyň gelejegi üçin hem gowy bolar diýýär” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly lukman anonimlik şertinde aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ysraýyl döwletiniň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgarýar hem-de şeýle hereketlere Katar döwletiniň özygtyýarlylygyna kast edilmegi we halkara hukugynyň kadalarynyň gödek bozulmagy hökmünde garaýar diýip, 11-nji sentýabrda çap edilen beýanatda aýdylýar.

Türkmenistan adatça, tas elmydama diýen ýaly, halkara wakalary boýunça öz anyk pozisiýasyny beýan etmekden saklanýar.

Türkmenistan üçin islendik halkara meselelerini çözmekde güýç ulanmak ýa-da güýjüň ulanyljakdygy barada haýbat atmak düýbünden kabul ederliksiz hasaplanýar diýip, beýanatda aýdylýar we güýç ulanmagyň ýa-da güýç haýbatyny atmagyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünlerine hem-de ýörelgelerine garşy gelýändigi bellenýär.

Ysraýylyň 9-njy sentýabrda Doha nyşanalaryna eden hüjümleri Özbegistan, Gazagystan tarapyndan şol gün, 9-njy sentýabrda ýazgaryldy, Gyrgyzystan bu hüjümleri 10-njy sentýabrda ýazgardy.

Gazadaky ýaraşyk ylalaşygy we 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda zamun alnan ysraýylylaryň boşadylmagy boýunça geçirilýän gepleşiklerde gytaklaýyn araçy bolan Katar Ysraýylyň hereketlerini berk ýazgardy.

Bu zarbalary Saud Arabystany, BAE, Iordaniýa, Müsür, Türkiýe, Germaniýa we beýleki ýurtlar, şeýle-de Arap Bileleşiginiň ýolbaşçylary, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş hem ýazgardy.

Katar Gaza zolagynda atyşygy bes etmek baradaky gepleşiklerde araçylyk missiýasyndan ýüz öwürmejekdigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG